“Salgytlar iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryna zeper ýetirer”

Amerikan-Türk geňeşi, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Türkiýeden import edilýän polada we alýumine goýan goşmaça salgydyna garşylyk görkezdi

“Salgytlar iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryna zeper ýetirer”

Mesele hakynda berlen ýazmaça beýanatda, “Salgytlar iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryna zeper ýetirer” diýildi.

Beýanatda Amerikan hökümetiniň Türkiýeden import edilýän polada we alýumine goýan goşmaça salgydynyň Amerikan-Türk geňeşini biynjalyk edýändigi nygtaldy.

Amerikan-Türk geňeşi, Trampyň ýolbaşçylygyndaky Amerikan hökümetiniň söwda söweşine öwrülen bu dartgynlygy kararyny ýaňadandan gözden geçirmelidigini nygtady.

 


Etiketkalar: beýanat , geňeş , amerikan , türk

Degişli Habarlar