OPEK-iň günlük çig nebit önümçiligi ýokarlady

Nebit eksport edýän ýurtlaryň guramasy OPEK-iň günlük çig nebit önümçiligi iýul aýynda iýun aýy bilen deňeşdirilende 41 müň barrel ýokarlap, 32,32 million barrele ýetdi

OPEK-iň günlük çig nebit önümçiligi ýokarlady

OPEK Nebit bazarlary baradaky habarnamasyna görä iýul aýynda global nebit üpjünçiligi öňki aýa görä günde 680 müň barrel ýokarlap, 98,5 million barrele deň boldy.

İýul aýynda OPEK-e agza bolmadyk ýurtlardaky nebit önümçiligi günde 640 müň barrel ýokarlap, 66,2 million barrele ýetdi.

OPEK-iň çig nebit önümçiligi bolsa geçen aý öňki aýa görä günde 41 müň barrel ýokarlap, 32,32 barrele deň boldy.

OPEK-iň çaklamalary görä geljek ýyl global nebit işleği şu ýyl bilen deňeşdirilende 1,4 million barrel ýokarlap, 100,2 millin barrele ýeter.

Dünýä boýunça iýul aýynda ulanylmaga başlanan nebit burawlaýyş diňleriniň sany 2,233 boldy.

Şol dinlerden 555 sanysy OPEK-e agza ýurtlarda guruldy.


Etiketkalar: önümçilik , nebit , OPEK

Degişli Habarlar