Stambulyň howa menzilleriniň ýolagçy sany artdy

7 aýda 58 million 548 müň 782 ýolagçy myhman alyndy

Stambulyň howa menzilleriniň ýolagçy sany artdy

Stambul şäheriniň Atatürk we Sabiha Gökçen howa menzilleri üstümizdäki ýylyň 7 aýlyk döwründe 58 million 548 müň 782 ýolagçyny myhman aldy.

Şäherdäki iki howa menzilinde ýanwar, fewral, mart, aprel, maý, iýun we iýul aýlarynda myhman alynan ýolagçy bilen guralan uçar saparlarynyň sany geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende artdy.

Atatürk howa menzilinde 7 aýda içerki uçuşlarda 11 million 279 müň, daşary ýurtlara uçuşlarda 27 million  698 müň 290 bolmak bilen jemi 38 million 977 müň 832 ýolagçy myhman alyndy.

Sabiha Gökçen howa menzilinde 7 aýda myhman alynan ýolagçylaryň sany bolsa jemi 19 million 570 müň 950 adam hökmünde bellige alyndy.

13 million 149 müň ýolagçy içerki uçuşlarda, 6 million 421 müň 66-sy ýolagçy bolsa daşary ýurtlara uçuşlarda myhman alyndy.

 

 



Degişli Habarlar