Stambulyň täze howa menzilinden ediljek ilkinji uçuşyň wagty belli boldy

95 göterimi tamamlanan howa menziline göçüş işleri 29-njy oktýabrda başlar

Stambulyň täze howa menzilinden ediljek ilkinji uçuşyň wagty belli boldy

Stambulyň täze howa menzilinden ilkinji uçuş bolsa 2018-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda sagat 14:00-da Stambulda paýtagt Ankara ediler.

İlkinji halkara uçuşlar bolsa Demirgazyk Kiprt Türk Respublikasyna we Azerbaýjana ediler.

Göçüriş işlinin 45 sagada golaý dowam etjekdigini habar beren Türk Howaýyllarynyň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy İlker Aýjy; “Täze howa menziline geçiş bilen birlikde taryhyň in uly göçi başlar. Jemi 15 müň ýer ulagy göçüriler. Göçüş işinde 15 müň konteýner ulanarys. Türk Howaýollarynyň täze howa menzilinde 10 müň inedördül metrli ýörite ýolagçy zaly bolar, 40 müň ulaglyk ulag duralgasy bolar” diýdi.


Etiketkalar: howa menzili , Stambul

Degişli Habarlar