Eýran walýutanyň erkin satuwyna geçdi

Eýranyň Merkezi banky ýurtda dowam edýän walýuta ýetmezçiligi sebäpli daşary ýurtlara gidýän raýatlara döredilen arzan walýuta ýeňilligini bes etdi

Eýran walýutanyň erkin satuwyna geçdi

Türkiýe ýaly goňşy ýurtlara gidýän eýranlylary 500, uzak ýurtlara 1000 ýewro elýeterli walýuta bilen üpjün edýän Eýranyň Merkezi banky şertleri özgertdi.

Şu günki güýje giren täze düzgünnama bilen syýahatçylary walýuta isleglerini bahasy döwletiň berýän nyrhyndan iki essä golaý ýokary bolan erkin bazardan kanagatlandyrar.

Eýranyň Merkezi banky yglan täze walýuta syýasatynda ozal gadagan eden erkin bazarda walýuta aluw-satuwyny erkine goýberdi.

Walýuta çalşyk ofisleriniň işleriniň gadagan edilmegi sebäpli walýuta isleglerini legal bolmadyk görnüşde gara bazardan kanagatlandyran eýranlylar, mundan beýläk islendik mukdardaky we görnüşdäki daşary ýurt pullaryny walýuta ofislerinden alyp bilerler.


Etiketkalar: söwda , walýuta , Eýran

Degişli Habarlar