ÝB Komissiýasy Bosniýa-Gersegowinadan süýt we süýt önümleriniň import eder

ÝB Komissiýasynda kabul edilen kararyň ÝB-ne agzalyga dalaşgärlik derejesine garaşýan Bosniýa-Gersegowinanyň ykdysadyýeti üçin iňňän möhümdigi beýan edildi

ÝB Komissiýasy Bosniýa-Gersegowinadan süýt we süýt önümleriniň import eder

Bosniýa-Gersegowinanyň Daşary söwda we ykdysadyýet ministri Mirko Sarowiç beren ýazmaça beýanatynda ÝB Komissiýasy tarapyndan süýt we süýt önümleriniň ÝB-ne eksport edilmegi baradaky karardan diýseň hoşaldygyny nytap; “Ýurdumyz şu günki güne çenli diňe işlenen süýt eksport edip bilýärdi. Şu günden başlap süýt öndürijilerimiz çig we az saplanan süýt eksport edip bilerler” diýdi.

Bosniýa-Gersegowinanyň oba hojalygynyň we ykdysadyýetiniň ösmegi taýdan şu gün kabul edilen kararyň iňňän oňyn netijesiniň boljakdygyny beýan eden Sarowiç; “Biz ÝB-ne süýt we süýt önümlerini eksport edýän seýret ýurtlardan biri. Şu günki kabul edilen karar bilen süýt senagatymyzda täze mümkinçilikler dörederis” diýdi.

 



Degişli Habarlar