Eýranyň Merkezi bankynyň Walýuta geňeşiniň başlygynyň orunbasary tussag edildi

Walýuta geňeşiniň başlygynyň orunbasary düýn galplyk edendigi sebäpli wezipesinden boşadylypdy

Eýranyň Merkezi bankynyň Walýuta geňeşiniň başlygynyň orunbasary tussag edildi

Eýranly talyplaryň habarlar gullugy “İSNA-nyň” habar bermegine görä Eýranyň Kazyýet ygtyýarynyň metbugat sekretary Gulam Hüseýin Muhsin Ežei Eýranyň Merkezi bankynyň Walýuta geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmed Yrakçiniň tussag edilendigini, 3 adam barada galplyk edendigi üçin derňew işiniň başladyljakdygyny aýtdy.

Ežei Amerikan dollarynyň kursy arkaly gaplyk edendigi öňe sürülýän 6 adamyň hem tussag edilendigini mälim etdi.

Ahmed Yrakçi galplyk edilendigi sebäpli düýn wezipeden boşadylypdy.



Degişli Habarlar