Ruhsar Pekjan: “Eksport göçümi dowam eder” diýdi

Türkiýäniň Söwda ministri Ruhsar Pekjan eksport göçüminiň dowam etjekdigini habar berdi

Ruhsar Pekjan: “Eksport göçümi dowam eder” diýdi

Täsirli we ýurtlar bilen bagly ýörite strategiýalar bilen täze bazarlara giriljekdigini aýdan Türkiýäniň Söwda ministri Ruhsar Pekjan: “Şol çäkde Hytaý, Günorta Amerika, Hindistan, Meksika we Afrika ýaly bazarlara ugrugarys. Bu geografiýalardaky sarp edijileriň ellerinde Made in Turkey ýazgysyny görmek isleýäris” diýdi.

Orta Gündogardaky we Demirgazyk Afrikadaky maýa goýum we söwda mümükinçilikleriniň ýakyndan gözegçilik ediljekdigini aýdan Söwda ministri: “Türk firmalaryna bu geografiýalarda üstünlikli ýagdaýda işe girişmekleri üçin goldaw bereris. Mundan başgada söwda kuwwadyny artdyrmak üçin potensial bazarlarda 35 sany täze Söwda merkezini gurarys” diýdi.

Pekjan täze döwürde söwda sifrowizasiýasyny we E-söwdany hem öň hatara çykarjakdyklaryny habar berdi.  



Degişli Habarlar