Eýran, Fransiýadan we Italiýadan ýene-de 5 sany ýolagçy uçar aldy

Eýran, Fransiýa we Italiýa degişli bolan ATR kärhanasyndan 20 ýolagçy uçaryň ýene-de 5-ini aldy

Eýran, Fransiýadan we Italiýadan ýene-de 5 sany ýolagçy uçar aldy

Eýranyň IRNA habarlar agentliginiň berýän habaryna görä Eýranyň ATR kärhanasyna tabşyryk beren "ATR72-600"  kysymly 20 ýolagçy uçaryň ýene-de 5-i Tähranda ýerleşýän Mehrabad howa menziline gondy.

Uçarlar Eýranyň "Iran Air" howa ýollaryna gowşuryldy.

"Iran Air" howa ýollar kärhanasy, ATR kärhanasyna öndürmek boýunça tabşyryk beren "72-600" kysymly 20 ýolagçy uçaryň häzirki wagta çenli jemi 13 sanysyny aldy.

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp 8-nji maýda ýurdunyň Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çekilendigini habar beripdi.

Trampyň 90 günüň dowamynda Eýrana garşy ýaňadandan embargo goýmaga başlajakdygyny beýan etmeginden soň, ABŞ-niň Gazna ministri Stiwen Mnuçin Boeingiň we Airbusyň Eýrana ýolagçy uçar satmak baradaky ygtyýarnamasynyň goý bolsun ediljekdigini habar beripdi.



Degişli Habarlar