Türkiýäniň funduk eksporty 276 müň tonnadan geçdi

Funduk eksportynyň 290 müň tonna ýetmegi meýilleşdirilýär

Türkiýäniň funduk eksporty 276 müň tonnadan geçdi

 

Garadeňiz funduk we funduk önümleri eksportçylar bileleşiginiň başlygy Edip Sewinç funduk eksporty barada beren ýazmaça beýanatynda, 2017-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda başlan 2017-2018 funduk eksport möwsüminiň 31-nji awgusta çenli dowam etjekdigini aýtdy.

Funduk eksport möwsüminde 11 aýda 276 müň 80 tonna funduk maňzynyň eksport edilendigini aýdan Sewinç, eksportdan 1 milliard 720 müň dollarlyk girdeji gazanylandygyny ýatlatdy.

Sewinç möwsümiň ahyryna çenli funduk eksportynyň 290 müň tonna ýetmeginiň meýilleşdirilýändigini belledi.

 

 



Degişli Habarlar