“Apple” 1 trillion bazar gymmatyna eýe bolan ilkinji firma

Tehnologiýa taýdan dünýä belli “Apple” firmasynyň bazar gymmaty 1 trillion dollara ýetdi

“Apple” 1 trillion bazar gymmatyna eýe bolan ilkinji firma

Aprel-iýun aýlarynyň arasyndaky balansynda firmanyň giredjisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 17,3 göterim ýokarlap, 53,26 milliard dollara barabar boldy.

Firma geçen ýylyň degişli döwründe 45,41 milliard dollar girdeji gazanypdy.

Firmanyň sap gazanjy bolsa geçen ýylyň aprel-iýun aýlarynyň aralygynda 8,72 milliard dollardan 11,52 milliard dollara ýetdi.

“Apple” firmasynyň “iPhone” telefon satuwy we “iPad” planşet komýuter satuwy hem degişli döwürlerde ýokarlady. Şuňa laýyklykda degişli döwürde “iPhonyň” satuwy 0,6 göterim ýokarlap, 41,3 milliona, “iPadyň” satuwy bolsa 0,9 göterim ýokarlap 11,5 milliona ýetdi.

“Apple” firmasynyň sap girdejisiniň we peýdasynyň bazardan garaşýanyndan ýokarda bolmagy bilen Nýu-Ýorkyň biržasynyň ýapylmagndan soň edilen çäkli operasiýalarda firmanyň paýlary ýokarlady.


Etiketkalar: bazar gymmaty , iPad , iPhone , Aplle

Degişli Habarlar