Türkiýäniň daşary söwda ýetmezçiligi azaldy

Türkiýäniň Hasabat guramasy iýun aýynyň daşary söwda ýetmezçiligi bilen bagly habarnama çap etdi

Türkiýäniň daşary söwda ýetmezçiligi azaldy

Türkiýäniň Hasabat guramasyna görä eksport iýun aýynda ýyllyk möçberde 1,3 göterim azalyp, 12 milliard 954 million dollara, import bolsa 3,8 göterim azalyp 18 milliard 451 million dollara ýetdi.

Ýewropa Bileleşigine edilen eksport 2018-nji ýylyň iýun aýynda, 2017-nji ýylyň iýun aýyna garanyňda 6,4 göterim artyp, 6 milliard 630 million dollara ýetdi.

ÝB-niň eksportdaky paýy 2017-nji ýylyň iýun aýynda 47,5 göterim bolan bolsa, şol mukdar 2018-nji ýylyň iýun aýynda 51,2 göterime barabar boldy.

Iň köp eksport edilen ýurt Germaniýa boldy.

Iýun aýynda Germaniýa 1 milliard 308 million dollarlyk eksport edilen bolsa, Britaniýa 882 million dollarlyk, Italiýa 815 million dollarlyk we ABŞ-e 627 million dollarlyk eksport edildi.

Importda bolsa Hytaý 1-nji orun eýeledi.

Hytaýdan edilen import iýun aýynda 1 milliard 838 million dollara barabar boldy.

Hytaýdan soň Russiýadan 1 milliard 794 million dollarlyk, Germaniýadan 1 milliard 793 million dollarlyk we ABŞ-den 1 milliard 149 million dollarlyk import edildi.



Degişli Habarlar