Ýewropa Komissiýasy TANAP taslamasyna 5 million ýewrolyk kömek berdi

Firma tarapyndan berlen beýanatda TANAP-yň Azerbaýjanyň tebigy gazyny Ýewropa ýetirjek Günorta gaz koridorynyň esasy halkasyny emele getçirýändigi nygtaldy

Ýewropa Komissiýasy TANAP taslamasyna 5 million ýewrolyk kömek berdi

Ýewropa Komissiýasynyň enegetika taslamalaryna goldaw berýän CEF energetika maksatnamasynyň çäginde Trans Anadoly tebigy gaz turba geçiriji taslamasy TANAP-a 5 million ýewrolyk kömek berendigi habar berildi.

Firma tarapyndan berlen beýanatda TANAP-yň Azerbaýjanyň tebigy gazyny Ýewropa ýetirjek Günorta gaz koridorynyň esasy halkasyny emele getçirýändigi nygtaldy.

Beýanatda ÝB-ne agza ýurtlaryň CEF energetika maksatnamasynyň çäginde Ýewropanyň energetika pudagynyň infstrukturasyna goldaw bermegi kabul edendigi ýatladyldy we ÝB-ne agza ýurtlar infstruktura taslamasyna jemi 48,4 million ýewrolyk maýa goýmak barada karar aldy. TANAP hem maksatnamanyň çäginde maddy taýdan goldaw bermek üçin saýlanyp alynan iki taslamadan biri boldy. Kararyň güýje girmeginden soň TANAP taslamasyna 5 million ýewrolyk kömek berildi”diýildi.

 


Etiketkalar: ÝB , beýanat , TANAP

Degişli Habarlar