Malaýziýada halk ýurduň daşarky karzynyň tölenmegi üçin 41 million dollar bagyşlady

Malaýziýada halk ýurduň daşarky karzynyň tölenmegine goşant goşmak maksady bilen hökümetiň açan “Umyt gaznasyna” häzire çenli 41 million dollar bagyşlady

Malaýziýada halk ýurduň daşarky karzynyň tölenmegi üçin 41 million dollar bagyşlady

Maliýe ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda Umyt gaznasy bilen iki aýda halkdan ýygnalan pulyň mukdarynyň 41 million dollara ýetendigi nygtaldy.

Maliýe ministri Lim Guan Eng halkdan ýygnalan pulyň ýurduň bähbitleri üçin sarp ediljekdigini ýatlatdy.

Malaýziýanyň halky 30-njy maýda açylan gazna üçin diňe bir günde 1,76 million dollar bagyşlapdy.

Malaýziýanyň, ozalky Premýer ministr Nejip Rezak döwründen galan 252 milliard dollarlyk daşarky karzy bar.

Ýurtda alnyp barylýan tygşytlylyk syýasatynyň çäginde ministrleriň aýlyk günlükleri 10 göterim aşakladylypdy.


Etiketkalar: dollar , karz , halk , Malaýziýa

Degişli Habarlar