Ykdysady ynam indeksi artdy

Ykdysady ynam indeksi iýul aýynda iýun aýy bilen deňeşdirilende 2 göterim artyp, 90.4 göterimden 92,2 göterime ýetdi

Ykdysady ynam indeksi artdy

Türkiýäniň Hasabat guramasy iýul aýynyň ykdysady ynam indeksi baradaky görkezijileri çap etdi.

Görkezijilere görä, ykdysady ynam indeksi iýul aýynda iýun aýy bilen deňeşdirilende 2 göterim artyp 90,4 göterimden 92,2 göterime ýetdi.

Ykdysady ynam indeksiniň artmagynda sarp ediji, lomaý söwda, gurluşyk we hyzmat pudagynyň ynam indeksiniň artmagy esasy rol oýnady.

Iýul aýynda sarp ediji ynam indeksi 73,1 göterime, hyzmat pudagynyň ynam indeksi 91,9 göterime, lomaý söwda pudagynyň ynam indeksi 97,3 göterime we gurluşyk pudagynyň ynam indeksi 77,1 göterime ýetdi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar