Hytaý Britaniýa erkin söwda şertnamasynyň baglaşylmagyny teklip etdi

Hytaý Britaniýa ÝB-den aýrylmagyndan soň erkin söwda şertnamasynyň baglaşylmagy üçin gepleşikleriň başlamagyny teklip etdi

Hytaý Britaniýa erkin söwda şertnamasynyň baglaşylmagyny teklip etdi

Doçe Welle radioasynyň berýän habaryna görä, Britaniýanyň Daşary işler ministri Hunt Hytaýyň teklibine oňyn garaýandyklaryny aýtdy.

Hytaýyň paýtagty Pekinde kärdeşi Wang Ýi bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat beren Hunt “Daşary işler ministri Wang bilen Breksitden soň erkin söwda şertnamasynyň baglaşylmagy üçin gepleşiklere başlanmagy teklibi barada pikir alyşdyk. Biz teklibe oňyn garaýarys we meseläni ara alyp maslahatlaşarys” diýdi.

Hytaýyň Daşary işler ministri Wang hem iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň artdyrylmagy meselesinde ylalaşyk gazanandyklaryny ýatlatdy.

Breksit etabynyň öňümizdäki ýyl tamamlanmagyna we Britaniýanyň 2019-njy ýylyň 29-njy martynda ÝB-den aýrylmagyna garaşylýar.

 


Etiketkalar: erkin söwda , Britaniýa , Hytaý

Degişli Habarlar