ABŞ-da ozalky tussaghana auksionda 600 müň dollara satyldy

ABŞ-nyň Nýu Ýork ştatyndaky ozalky ştat tussaghanasy auksionda 600 müň dollara satyldy

ABŞ-da ozalky tussaghana auksionda 600 müň dollara satyldy

Mesele hakynda berlen beýanatda Kanada serhedinde ýerleşýän ozalky ştat tussaghanasynyň ähli binalarynyň we boş meýdanlarynyň auksionda 600 müň dollara satylandygy nygtaldy.

Nýu Ýork bilen Kanadanyň Quebek ştatynyň serhedinde ýerleşýän Route 11 gara ýolunyň ugrunda ýerleşýän ozalky tussaghananyň Kanadaly firma tarapyndan satyn alynandygy bellenildi.

Firmanyň ozalky tussaghanada ýehudi çagalar üçin tomusky dynç alyş merkezini açmagy meýilleşdirýändigi ýatladyly.

Tussaghananyn 4 ýyl ozal ştatdaky tussaglylaryň sanynyň azdygy sebäpli ýapylmagy barada karar kabul edilipdi.

 

 


Etiketkalar: auksion , tussaghana , ABŞ

Degişli Habarlar