Russiýa Saud Arabystanyndan has köp nebit çykardy

Russiýa maý aýynda günde ortaça 10,6 million barrel nebit çykaryp, nebit çykarmak boýunça Saud Arabystanyndan geçdi

Russiýa Saud Arabystanyndan has köp nebit çykardy

Russiýanyň Federal Hasabat edarasynyň (Rosstat) berýän hasabatyna görä, maý aýynda günde ortaça 10,6 million barrel nebit çykaran Russiýa, maý aýynda günde ortaça 9,99 million barrel nebit çykaran Saud Arabystanyndan geçdi.

OPEC-e agza ýurtlar maý aýynda günde jemi 31,9 million barrel nebit öndürip, onuň takmynan 4,5 million barreli Yrakdan çykaryldy.

Nebitiň Russiýanyň jemi eksportyndaky paýy, şu ýylyň ýanwar-maý aýlary aralygynda 28 göterim bolup, nebitiň maý aýynda ortaça eksport bahasy tonna başyna 508 dollar derejesinde boldy.

OPEC-iň önümçilik çäklendirmesi ylalaşygynyň tarapdary bolan ýurtlar 23-nji iýunda Awstriýanyň paýtagty Wenada geçirilen nebit öndürijiliginiň gündelik 1 million barrel artdyrylmagy babatynda ylalaşyk gazanypdylar.



Degişli Habarlar