Täjigistanyň ykdysadyýeti ýylyň ilkinji ýarymynda 7,2 göterim ösdi

Täjigistanda Jemi içerki önüm ýylyň ilkinji ýarymynda 7,2 göterim ösüş etdi

Täjigistanyň ykdysadyýeti ýylyň ilkinji ýarymynda 7,2 göterim ösdi

Täjigistanyň Prezident Diwanyna degişli Hasabat agentliginden berilen beýanata görä ýylyň ilkinji ýarymynda ýurtda Jemi içerki önüm 7,2 göterim artyp, 297 million dollara ýetdi.

Beýanatda şu ýyl ýurtdaky Jemi içerki önümiň 7 göterim artmagyna garaşylýandygy mälim edildi.

Resmi hasabatlara görä Täjigistanyň Jemi içerki önümi 7,1 göterim artypdy.

Ýurdyň hökümeti şu ýyl Jemi içerki önümiň 7 göterim artjakdygyny çak edýän hem bolsa, halkara guramalaryň bu babatdaky çaklamalary örän tapawutly.

Halkara Pul gaznasy şu ýyl ýurdyň ykdysadyýetiniň 4 göterim, Aziýa Galkynyş banky 6 göterim, Bütindünýä Bank bolsa 6,1 göterim ösjekdigini çak edýär.


Etiketkalar: göterim , ösüş , Täjigistan

Degişli Habarlar