G-20 maslahaty Buenos-Aýres şäherinde başlady

Dünýäniň iň uly 20 ykdysadyýetine eýe bolan ýurtlary bir ýere jemlän G-20 maslahaty Argentinanyň paýtagty Buenos-Aýres şäherinde öz işine başlady

G-20 maslahaty Buenos-Aýres şäherinde başlady

Türkiýä Gazna we Maliýe ministri Berat Albaýragyň we Merkezi bankyň başlygy Murat Çetinkaýanyň wekilçilik etjek maslahata G20 ýurtlaryň wekilleri bilen birlikde Halkara Pul gaznasy, Bütindünýä Bank we Ykdysady hyzmatdaşlyk we galkynyş guramasy ýaly halkara guramalaryň wekilleri gatnaşýarlar. 

Maslahatyň ABŞ tarapyndan başladylan söwda söweşiniň täsirinde geçjekdigi çak edilýär.

Ikiçäk duşuşyklar geçirýän Berat Albaýrak amerikaly kärdeşi Stiwen Mnuçin bilen duşuşyk geçirdi.

G-20-ä agza ýurtlar dünýä ykdysadyýetiniň 85 göterimine, dünýä ilatynyň bolsa 2/3  bölegine wekilçilik edýär. Halkara söwdanyň hem ¾-ni ýerine ýetirýär.

Dünýäniň iň ösen 20 ykdysadyýetiň Maliýe ministrleri bilen Merkezi banklaryň başlyklary Buenos-Aýresde global ykdysadyýeti ara alyp maslahatlaşýar.

Kanadada geçirilen ýygnagyň tersine kyn hem bolsa bu maslahatdan umumy beýannama çykjakdygy çak edilýär.

Türkiýäniň Gazna we Maliýe ministri Berat Albaýrak maslahatyň ilkinji gününde ikiçäk duşuşyklar geçirdi.

Berat Albaýrak G-20 Maşgala suratynyň çekdirilmegine gatnaşdy.


Etiketkalar: Berat Albaýrak , maslahat , G-20

Degişli Habarlar