ABŞ, Ukraina 200 million dollarlyk goldaw berer

ABŞ-niň Goranmak ministrligi (Pentagon) Ukraina goranyş mümkinçilikleriniň güýçlendirilmegi maksady bilen 200 million dollarlyk kömek berjekdigini habar berdi

ABŞ, Ukraina 200 million dollarlyk goldaw berer

Pentagon tarapyndan Ukraina beriljek goldaw bilen baglanşykly ýazmaça beýanat berildi. 

ABŞ-niň Ukraina 2014-nji ýyldan bäri 1 milliard dollarlyk goldaw berendigi ýatladylan beýanatda 200 million dollarlyk goldawyň Ukrainada dowam edýän harby tälim programmasy, howpsyzlyk aragatnaşyk enjamlary, gije görmek we harby lukmançylyk enjamlarynda ulanyljakdygy mälim edildi. 

Kömegiň beriljek anyk senenamanyň birnäçe wagt soň beýan ediljekdigi habar berildi. 

 


Etiketkalar: goldaw , Ukraina , ABŞ

Degişli Habarlar