G20 maslahaty Argentinanyň paýtagtynda geçirilýär

G20-ä agza ýurtlaryň Maliýe ministrleriniň we Merkezi banklarynyň başyklarynyň maslahaty Argentinanyň paýtagty Buenos-Aýres şäherinde başlady

G20 maslahaty Argentinanyň paýtagtynda geçirilýär

Dünýäniň iň uly 20 ykdysadyýetiň Maliýe ministrlerini we Merkezi banklarynyň başlyklaryny Argentinanyň paýtagty Buenos-Aýres şäherinde bir ýere jemlän maslahat 2 gün dowam eder. 

Türkiýä Gazna we Maliýe ministri Berat Albaýragyň we Merkezi bankyň başlygy Murat Çetinkaýanyň wekilçilik etjek maslahata G20 ýurtlaryň wekilleri bilen birlikde Halkara Pul gaznasy, Bütindünýä Bank we Ykdysady hyzmatdaşlyk we galkynyş guramasy ýaly halkara guramalaryň wekilleri gatnaşýarlar. 

Maslahatyň ilkinji gününde wekilleriň metbugata ýapyk häsýetde geçirjek duşuşyklary bilen birlikde Argentinanyň Gazna ministri Nikolas Dužowne we Halkara Pul gaznasynyň başlygy Kristin Lagard metbugat ýygnagyny geçirer. 

Mundan başgada Maliýe ministrleri we Merkezi banklaryň başlyklary duşuşyklardan soň bilelikde surata düşerler. 

 


Etiketkalar: Argentina , maslahat , G20

Degişli Habarlar