ABŞ, Hytaýa garşy goşmaça gümrük salgydyny girizmek isleýär

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp Hytaýa garşy 500 milliard dollar möçberinde gümrük salgydyny girizip biljekdigini belledi

ABŞ, Hytaýa garşy goşmaça gümrük salgydyny girizmek isleýär

Tramp Amerikanyň CNBC kanalyna beren interwýusynda ABŞ bilen Hytaýyň arasynda barha dartgynlaşýan gatnaşyklaryň üstünde durup geçdi.

“500 milliard dollara ýetirmäge taýýardyryn” sözlerini ulanan Tramp: “Muny syýasat üçin etmeýärin. Muny ýurdumyz üçin dogry bolandygy üçin edýärin. Eýýäm ençeme wagt bäri Hytaý tarapyndan aldanýarys” diýdi.

Tramp ABŞ-niň söwda we pul syýasaty ýaly tapawutly ugurlarda gowy niýetiniň hyýanatçylykly peýdalanylýandygyny belläp, Hytaýa garşy girizen gümrük salgytlarynyň erbet niýet bilen edilmeýändigini nygtady.

Hytaý barada: “Olaryň gorkmagyny islemeýärin. Olary ýagdaýynyň gowy bolmagyny isleýärin” diýen Tramp Hytaýyň Döwlet başlygy Si Szinpini halaýandygyny, emma iki ýurdyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryň şu günki güne çenli adalatly bolmandygyny beýan etdi.

ABŞ-niň Söwda ministrliginiň berýän hasabatyna görä geçen ýyl ABŞ-niň Hytaýdan importy 505 milliard dollar bolan bolsa, Hytaýyň ABŞ-den importy bolsa 130 milliard dollar boldy. Şeýlelik bilen Hytaý geçen ýyl 375 milliard dollar bilen ABŞ-niň iň köp söwda balansynyň ýetmezçilik çeken ýurdy boldy.  


Etiketkalar: salgyt , gümrük , söwda , milliard , ABŞ , Hytaý

Degişli Habarlar