Russiýa we Ukraina tebigy gaz bilen bagly gepleşikler geçirdi

Russiýanyň hökümeti Ukraina bilen tebigy gaz ylalaşygynyň möhlediniň uzaldylmagy bilen bagly gepleşikler geçirdi

Russiýa we Ukraina tebigy gaz bilen bagly gepleşikler geçirdi

Russiýanyň Energetika ministri Aleksandr Nowak, Ýewropa Komissiýasynyň Energetikadan jogapkär ýolbaşçysynyň orunbasary Maros Sefçowiç we Ukrainanyň Daşary işler ministri Pawlo Klimkin bilen Germaniýanyň paýtagty Berlin şäherinde duşuşdy. 

Üçtaraplaýyn gepleşikde Russiýanyň tebigy gazynyň Ukrainanyň üsti bilen Ýewropa ugradylmagy ele alyndy. 

Nowak Ukraina bilen bar bolan tranzit tebigy gaz ylalaşygynyň möhlediniň uzaltmaga taýardyklaryny habar berdi. 

 


Etiketkalar: tebigy gaz , Ukraina , Russiýa

Degişli Habarlar