Dünýäniň 33 ýurdynda türk baly sarp edilýär

Türkiýeden ýylyň ilkinji ýarymynda 33 ýurda 3 müň 706 tonna bal eksport edildi

Dünýäniň 33 ýurdynda türk baly sarp edilýär

Ýylyň ilkinji ýarymynda 3 müň 706 tonna bal eksport eden Türkiýe, bal eksportyndan 15 million 95 müň 885 dollar girdeji aldy.

Türkiýäniň bal eskporty şu ýylyň ilkinji ýarymynda, geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende mukdar boýunça 64 göterim artdyrdy, girdeji boýunça bolsa 77 göterim artdyrdy.  

Şu ýylyň ilkinji ýarymynda 7 million 94 müň 33 dolalrlyk eksport bilen Germaniýa sanawyň 1-nji ornunda bolan bolsa, 3 million 448 müň 468 dolalrlyk eksport bilen ABŞ 2-nji we 936 müň 298 dollarlyk eksport bilen Saud Arabystany 3-nji boldy. 

 

 


Etiketkalar: eksport , bal , Türkiýe

Degişli Habarlar