Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky söwda kuwwady artýar

Russiýanyň Türkiýeden eden importy hem şol döwürde 60 göterim artyp, 1,6 milliard dollara ýetdi

Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky söwda kuwwady artýar

 

Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky söwda kuwwady şu ýylyň ýanwar-maý aýlary aralygynda, geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 46,2 göterim artyp, 11,3 milliard dollara ýetdi.

Russiýanyň Federal Gümrük gullugynyň beren hasabatyna görä Russiýanyň Türkiýä jemi eksporty şu ýylyň ilkinji 5 aýynda, geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 44,6 göterim artyp, 9,7 milliard dollara ýetdi. 

Russiýanyň Türkiýeden eden importy hem şol döwürde 60 göterim artyp, 1,6 milliard dollara ýetdi. 

 


Etiketkalar: import , eksport , Türkiýe , Russiýa

Degişli Habarlar