Tesla Hytaýda fabrik gurar

Elektrik tokda oşleýän ulag öndürýän Tesla kärhanasy ABŞ-den daşary ilkinji fabrigini Hytaýda gurar

Tesla Hytaýda fabrik gurar

Tesla Hytaýyň Şanhaý şäherinde örän ýakyn wagtda resmi rugsatlar alynanyndan soň, fabrigiň gurluşygyna başlanjakdygyny habar berdi. 

Tesla kärhanasy fabrigiň bolsa gurulmaga başlananyndan 2-3 soň, işläp başlajakdygyny we ýylda 500 müň ulag öndürilmeginiň meýilleşdirilýändigini mälim etdi. 

Şanhaýyň şäher dolanşygy tarapyndan berilen beýanatda Teslanyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Elon Maskyň Şanhaýyň şäher häkimi Ýing Ýong we beýleki resmiler bilen duşuşandygy we fabrigiň gurluşygy bilen baglanşykly şertnamanyň gol çekilendigi beýan edildi. 

 

 


Etiketkalar: fabrik , Hytaý , Tesla

Degişli Habarlar