Konýadan Hytaýa we Russiýa çereşnýa eksport edilýär

Eksportçy kärhananyň wekili Hajy Ýylmaz mesele bilen bagly beýanat berdi

Konýadan Hytaýa we Russiýa çereşnýa eksport edilýär

Türkiýede çereşnýa hasylynyň iň güýç ýygnalýan ýerleriniň biri bolan Toros daglarynyň eteklerindäki Konýa welaýatynyň Hadim we Daşkent etraplarynda ýetişdirilen çereşnýanyň uly bölegi Hytaý, Russiýa, Germaniýa we Britaniýa başda bolmak bilen ençeme ýurda eksport edilýär. 

Hili we tagamy bilen daşary ýurtlarda Türk çereşnýasy hökmünde tanalýan Hadim eetrabynyň çereşnýasynyň hasylynyň şu ýyl, öňki ýyllara garanyňda artyp, 21 müň tonna töweregi bolmagyna garaşylýar. 

Eksportçy kärhananyň wekili Hajy Ýylmaz: "Başda Gonkong , Malaýziýa, Singapur we Russiýa bolmak bilen ençeme ýurda eksport edýäris" diýdi. 

 



Degişli Habarlar