“ABŞ bilen söwda söweşiniň başlamagyna eýýäm ençeme wagt boldy”

Fransiýanyň Maliýe ministri Brýuno Lýe Mer ABŞ bilen Ýewropanyň arasyndaky söweşiň başlamagyna eýýäm ençeme wagt bolandygyny mälim etdi

“ABŞ bilen söwda söweşiniň başlamagyna eýýäm ençeme wagt boldy”

Ykdysadyýet bilen baglanşykly maslahatlaryň birinde: “Mesele söwda söweşiniň çykyp-çykmazlygynda däl, sebäbi söweşiň başlamagyna eýýäm ençeme wagt boldy” diýip habar beren Fransiýanyň Maliýe ministri ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampa ÝB-e täze gümrük salgytlarynyň girizmezligi barada duýduryş berdi.  

Lýe Mer: “Gümrük salgytlarynda täze bir artyş bolsa, mysal üçin awtbomobil senagatyna goşmaça salgytlar girizilse, Ýewropanyň jebis we özygtyýarly bir güýç bolandygyny görkezmek üçin Bileleşik bolup güýçli reaksiýa bildirmelidiris” diýip belledi.

Lýe Mer: “Hüjüme sezewar galsak kollektiw we tutanýerli bir ýagdaýda garşylyk görkezjekdigimiz bilinsin” diýdi.



Degişli Habarlar