Türkiýe 6 aýda 199 million 285 müň dollarlyk zeýtun ýagyny eksport etdi

Dünýäniň 113 ýurdunda saçaklary bezeýän türk zeýtun ýagy eksportynda 75 million 473 müň dollar bilen ABŞ birinji orny eýeledi

Türkiýe 6 aýda 199 million 285 müň dollarlyk zeýtun ýagyny eksport etdi

Egeý eksportçylar bileleşiginiň eksport görkezijilerine görä, Türkiýe 2017-nji ýylyň 1-nji noýabrynda başlan zeýtun ýagy eksport möwsüminde 2018-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli 6 aýlyk döwürde 199 million 285 müň dollarlyk eksport etdi.

Dünýäniň 113 ýurdunda saçaklary bezeýän türk zeýtun ýagy eksportynda 75 million 473 müň dollar bilen ABŞ birinji orny eýeledi.

48 million 839 müň dollar bilen İspaniýa ikinji, 13 million 767 müň dollar bilen Saud Arabystany üçünji orny eýeledi.

Türk zeýtun ýagy Uzak Gündogar ýurtlarynda hem giňden ulanylýar.

Türkiýe geçen möwsümiň ilkinji 6 aýynda Ýaponiýa 1 million 363 müň dollarlyk eksport eden bolsa şol san bu möwsümde 520 göterim artyp 8 million 448 müň dollara barabar boldy.

 



Degişli Habarlar