Iýun aýynda Antalýa gelen syýahatçylaryň sany 2 milliondan geçdi

Antalýa iýun aýynda gelen syýahatçylaryň sany geçen ýylyň iýun aýyna garanyňda 33,51 göterim artyp, 2 milliondan geçdi

Iýun aýynda Antalýa gelen syýahatçylaryň sany 2 milliondan geçdi

Antalýa iýun aýynda 1 million 943 müň 20-si daşary ýurtly, 68 müň 710-y ýerli bolmak bilen jemi 2 million 11 müň 730 syýahatçy geldi. 

Welaýatyň Medeniýet we syýahatçylyk edarasynyň berýän hasabatyna görä Antalýa geçen ýylyň iýun aýynda 1 million 506 müň 816 adam geldi. 

Ýanwar-iýun aýlary aralygynda Antalýa gelen myhmanlaryň sany 4 milluion 885 müň 835 adam boldy. 

Şolaryň 4 million 651 müň 662-si daşary ýurtlylar, 234 müň 173 adam bolsa ýerli turistler. 

 



Degişli Habarlar