Eýranda hususy pudak nebit eksport eder

Eýranyň Wise-prezidenti Ishak Jihangiri hususy pudagyň nebit eksport etmeginiň öňüni açjakdyklaryny mälim etdi

Eýranda hususy pudak nebit eksport eder

Ýurdyň paýtagty Tähranda "Senagat we magdan güni" mynasybetli geçirilen çärede çykyş eden Jihangiri ABŞ-niň hökümetiniň Eýranyň nebit satuwy we halkara bank ulgamynda pul ibermegi duruzmagy isleýändigini mälim etdi. 

Jihangiri: "Hususy pudak şu günki günde her gün 60 müň barrel nebit satyn alyp bilýär. Ýeňil ýagdaýda nebit satyn alyp, eksport edip bilmekleri üçin işe girişdik" diýdi. 

ABŞ-niň sanksiýalary bilen Eýranyň nebit bazarynda boşaljak ýere Russiýanyň we Saud Arabystanynyň geçjekdigi bilen bagly bolsa Jihangiri: "Bu boşlygy doldurjak ýurtlar Eýranyň halkyna dönüklik etdigi bolar. Eýranyň halky bu dönükligi hiç wagt ýatdan çykarmaz" diýdi. 

 

 



Degişli Habarlar