Çereşnýanyň eksporty 184 göterim artdy

Şu ýyl ir başlan çereşnýanyň eksportynyň ähli wagtlaryň iň ýokary derejesine ýetmegine garaşylýar

Çereşnýanyň eksporty 184 göterim artdy

Türkiýäniň çereşnýa eksporty maý aýynda geçen ýylyň maý aýyna garanyňda 184 göterim artyp, 18 million 935 müň dollardan 53 million 869 müň dollara, mukdary bolsa 165 göterim artyp 7 müň 713 tonnadan 20 müň 404 tonna ýetdi.

Şu ýyl ir başlan çereşnýanyň eksportynyň ähli wagtlaryň iň ýokary derejesine ýetmegine garaşylýar.

Çereşnýanyň eksporty iň köp 78,7 müň tonna bilen 2016-njy ýylda edilipdi we 182,7 million dollar girdeji alynypdy.

Şu ýyl çereşnýanyň eksportynyň has hem ýokary bolmagyna garaşylýar.

Maksat 85 müň tonna töweregi eksport, girdejisiniň bolsa 200 million dollara ýetmek.

Şu ýyl esasan hem Russiýa edilen çereşnýa eksportynda artyş boldy.


Etiketkalar: artmak , eksport , çereşnýa , Türkiýe

Degişli Habarlar