Tähranda dükançylaryň käbirleri ýene-de dükanlaryny ýapdylar

Ýurdyň paýtagty Tährandaky Tähran uly bazarynda ýerleşýän dükanlaryň käbirleri düýn hem dükanlaryny açmandylar

Tähranda dükançylaryň käbirleri ýene-de dükanlaryny ýapdylar

Eýranyň paýtagty Tähranda käbir dükançylar ýurtdaky ykdysady meseleleri we daşary walýutalarynyň hümmediniň ýokarlamagyny protest etmek maksady bilen ýene-de dükanlaryny ýapdylar.

Ýurdyň paýtagty Tährandaky Tähran uly bazarynda ýerleşýän dükançylaryň käbirleri düýn hem dükanlaryny açmandylar.

Tähranyň Baş prokurory Abbas Jaferi Dewletabadi dükançylaryň geçiren protestlerinde dartgynlyk ýüze çykarmak isleýän köp sandaky adamyň anyklanyp, göz tussaglygyna alynandygyny habar berdi.


Etiketkalar: dükançy , dükan , prokuror , Tähran , Eýran

Degişli Habarlar