ABŞ hyzmatdaşlaryndan Eýrandan nebit almazlyklaryny isledi

ABŞ hyzmatdaşlaryndan Eýrandan edýän nebit importyny 4-nji noýabra çenli bes etmeklerini isledi

ABŞ hyzmatdaşlaryndan Eýrandan nebit almazlyklaryny isledi

ABŞ-nyň döwlet sekretarlygynyň ýokary derejeli resmilerinden biri Eýrana goýulan sanksiýalaryň energetika bilen bagly böleginiň 4-nji noýabrda güýje girjekdigini aýtdy.

Döwlet sekretarlygynyň resmisi ABŞ-nyň hyzmatdaş ýurtlaryndan Eýrandan nebit importyny şol wagta çenli bes etmeklerini, eger şeýle bolman halatynda sanksiýa sezewar bolup biljekdiklerini beýan etdi.

Döwlet sekretarlygynyň resmisi mesele boýunça Eýrandan nebit import edýän ýurtlar bilen aragatnaşyk saklamaga dowam etjekdiklerini nygtady.



Degişli Habarlar