Tramp-Kim duşuşygynyň çykdajysy mälim boldy

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp bilen Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Ynyň arasynda 12-nji iýunda geçirilen taryhy duşuşygyň çykdajysy 16,3 million dollar boldy

Tramp-Kim duşuşygynyň çykdajysy mälim boldy

Singapuryň Daşary işler ministrligi Tramp-Kim duşuşygynyň çykdajysynyň 16,3 million dollar bolandygyny, çykdajynyň aglaba böleginiň howpsyzlygyň üpjün edilmegine sarp edilendigini habar berdi.

Aragatnaşyk we maglumat ministrliginiň metbugat geňeşçisi hem maslahatda takmynan 4 million dollarlyk media çykdajysynyň bolandygyny beýan etdi.

Singapuryň Premýer ministri Lee Hsien Loong maslahatyň 20 million dollar çykdajysynyň boljakdygyny hasaplanandygyny habar beripdi.



Degişli Habarlar