ABŞ-niň kararyna garşy Türkiýeden jogap göçüm edildi

ABŞ-niň demire, polada we alýuminiýe goşmaça salgyt girizmegi kararyna garşy Türkiýe tarapyndan jogap göçüm edildi

ABŞ-niň kararyna garşy Türkiýeden jogap göçüm edildi

Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji ABŞ-niň 22 harydyna garşy 300 million dollarlyk goşmaça salgyt girizmek bilen bagly kararyň şü gün güýje girendigini habar berdi. 

Hususy telewideniýeleriň birinde ABŞ-niň goşmaça gümrük salgyt karary bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçen Zeýbekji amerikaly resmiler bilen bu babatda gepleşikler geçirýändiklerini, emma entek duşuşyk geçirilmändigini habar berdi. 

Meseläni özleri bilen duşuşyk geçirip çözmäge synanyşandyklaryny, emma bolmandygyny aýdan Zeýbekji: "Bize 260 million dollarlyk goşmaça salgyt getirdiler. Biz bolsa 300 million dollarlyk goşmaça salgyt girizdik. Şu gün güýje girdi. Olaryň düzüminde 22 aýry haryt bar" diýip belledi. 

 



Degişli Habarlar