Mart aýynda işsizlik 1,6 bal aşaklap,10,1 göterime barabar boldy

Türkiýäniň Hasabat Guramasy mart aýynyň iş güýji görkezijilerini çap etdi

994282
Mart aýynda işsizlik 1,6 bal aşaklap,10,1 göterime barabar boldy

Türkiýedäki işsizlik mukdary mart aýynda geçen ýylyň degişli aýyna görä 1,6 bal aşaklap, 10,1 göterime deň boldy

Türkiýäniň Hasabat Guramasy mart aýynyň iş güýji görkezijilerini çap etdi.

Şuňa laýyklykda Türkiýe boýunça 15 we ondan ýokary ýaşdakylarda işsizleriň sany mart aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňşdirilende 432 müň azalyp, 3,210 000 adama düşdi. Degişli döwürde işsizleriň mukdary 1,6 bal aşaklap, 10,1 göterim boldy.

Mart aýynda ekerançylyk pudagyndan daşarky pudaklardaky işsizlik mukdary 1,8 göterim azalyp, 11,9 göterime deň boldy.


Etiketkalar: #işsizlik , #mukdar , #göterim

Degişli Habarlar