Donald Tramp Hytaý bilen bagly tankydy karary tassyklady

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp Hytaýdan import edilýän tehnologik harytlara 50 milliard dollarlyk gümrük salgydynyň getirilmegi bilen bagly karary tassyklady

Donald Tramp Hytaý bilen bagly tankydy karary tassyklady

Donald Tramp beren ýazmaça beýanatynda: Hytaýyň intellektual eýeçilik we tehnologik ogurlyk bilen birlikde, adalatsyz söwda göçümleri sebäpli başda tehnologik enjamlar bolmak bilen käbir harytlara 25 göterimlik salgydyň goýuljakdygyny habar berdi.

“Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpin bilen ajaýyp dostlugym we ýurdumyzyň Hytaý bilen bolan gatnaşyklary meniň üçin örän möhüm. Ýöne milletlerimiziň arasyndaky söwda eýýäm ençeme wagt bäri adalatsyz. Bu ýagdaý bular ýaly dowam etmeli däl” diýen Tramp gollanmanyň çägindäki tarifleriň Hytaýyň amerikan tehnologiýalaryny adalatsyz ýagdaýda ibermeginiň öňüni aljakdygyny habar berdi.

Gymmady jemi 50 milliard dollara ýetjek gümrük salgytlarynyň düzümine girjek harytlaryň sanawy bolsa ABŞ-niň Söwda wekilhanasy tarapyndan çap edildi.

Hytaýyň goranyş, awiasia we önümçilik pudaklaryny öz içine alýan sanawda ýadro reaktorlar, gaz turbinalar, howa we gaz suwuklandyrýan enjamlar, peçler, söwda gap-gaç ýuwýan maşynlar ýaly takmynan 1100 tapawutly harydyň bardygy habar berildi.

Trampyň hökümetiniň Hytaýa garşy 50 milliard dollara ýetýän goşmaça salgyt goýmak baradaky kararyndan soň resmi Pekin hem karara garşy jogap bermäge taýarlanýar.

Hytaýyň resmi habarlar agentligi resmi Pekiniň käbir amerikan harytlaryna Trampyň beýan edeni bilen deň derejede 25 göterimlik goşamaça salgyt goýmaga taýarlanýandygyny mälim etdi.

Ilkinji etapda ýola goýuljak meýilnama görä ilki bilen ABŞ-niň 545 harydyna takmynan 34 milliard dollarlyk goşmaça salgyt girizler.

Ikinji etapda bolsa giriziljek jemi goşmaça salgydyň mukdary 50 milliard dollara ýeter.



Degişli Habarlar