ÝB-de 2014-2016-njy ýyllaryň aralygyndaky terroryň gymmaty 185 milliard ýewro barabar boldy

Ýewropa Parlamentiniň Derňew gullugy tarapyndan taýarlanan “Terrorçylyga garşy göreş” habarnamasy çap edildi

ÝB-de 2014-2016-njy ýyllaryň aralygyndaky terroryň gymmaty 185 milliard ýewro barabar boldy

Habarnama görä terroryň gymmaty 2014-2016-njy ýyllaryň aralygyndaky döwürde ÝB-niň ykdysadyýetine jemi 185 milliard 431 million ýewro düşdi.

Terrorçyň ÝB-niň içerki girdejisine düşýän gymmaty bolsa 179 milliard 811,9 million ýewro deň boldy.

Terror hüjümleri sebäpli çekilen adam pidalary, ýaralanmalar we infrastruktura ýetirilen zyýenlaryň jemi 5,6 milliard ýewro barabar.

Terror söwda, gönüden maýa goýumlaryna, transport we syýahatçylyk pudaklaryna hem zeper ýetirdi.

Terrorçylyga garşy göreş maksady bilen ÝB-ne agza ýurtlarda görülen käbir çäreler käbir gatlaklaryň başlangyç hukuklarynyň çäklendirilmegine sebäp boldy.

Degişli döwürde Fransiýada terroryň jemi gymmaty 44,9 milliard ýewro deň boldy.


Etiketkalar: Fransiýa , hüjüm , teroor , ÝB

Degişli Habarlar