Mercedes Benz Ýewropadaky 774 müň ulagyny yzyna çagyrar

Germaniýanyň ulag kärhanasy Mercedes Benz Ýewropadaky 774 müň ulagyny yzyna çagyrar

Mercedes Benz Ýewropadaky 774 müň ulagyny yzyna çagyrar

Ulaglary yzyna çagyrmak baradaky karar Germaniýanyň Federal Transport ministri Andreas Şoýer bilen Daimler kärhanasynyň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Dieter Zetsşeniň geçiren duşuşygyndan soň kabul edilendigi habar berildi.

Kärhananyň ulaglary zyňyndy ölçeglerinde lisenziýasy bolmaýan enjamlaryň ulanylandygy we şol sebäpli zyňyndy görkezýän enjamlaryň bolmalysyndan ýokary görkezýändigi mälim edildi.

Minstr Andreas Şoýer yzyna çagyrmak bilen bagly işleriň Federal Dwigatelli ulaglar edarasynyň gözegçiligi astynda boljakdygyny beýan etdi.

Yzyna çagyryljak ulaglar Mercedesiň Vito, GLC 330D ve C220D nusgalaryndan ybarat bolar.


Etiketkalar: ulag , Daimler , kärhana , Mercedes Benz

Degişli Habarlar