Taryhy TANAP taslamasynyň açylmagyna sanlyja sagat galdy

1850 kilometrlik taslamanyň 1340 kilometrlik bölümi ulanylmaga berler

Taryhy TANAP taslamasynyň açylmagyna sanlyja sagat galdy

Azerbaýjanyň tebigy gazyny Türkiýeden üstasyr Ýewropa akdyrjak Trans Anadoly tebigy gaz turba geçiriji taslamasynyň tamamlanan bölümi ertir Eskişäherde dabaraly ýagdaýda açylar.

1850 kilometrlik taslamanyň 1340 kilometrlik bölümi ulanylmaga berler.

Dabara Prezident R. T. Erdogan we Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew bilen Gürjistanyn Prezidenti Giorgi Mergwelaşwili gatnaşar.

TANAP taslamasy Türkiýe-Gürjistan serhedinde ýerleşýän Ardahan welaýatynyň Posof etrabyndaky Türkgözü obasyndan başlaýar, 20 welaýat bilen 67 etrapdan geçip 1850 kilometr soň Edirne welaýatynyň Ipsala etrabyna çenli geler we Azerbaýjanyň tebigy gazy şol ýerden Ýewropa ýurtlaryna akdyrlar.

Taslamanyň jemi ýyllyk mümkinçiligi 16 milliard kub metr bolar, şonuň 10 milliard kub metri Ýewropa ýurtlaryna akdyrlar, 6 milliard kub metri bolsa Türkiýede sapar ediler.

Taslama13 müň adam üçin iş mümkinçiligini döretdi.

Taslamanyň gurluşygynda ulanylan turbalaryň 80 göterimi Türkiýede 6 firma tarapyndan öndürildi.

2015-nji ýylyň 17-nji martynda Kars welaýatynda gurluşygyna badalga berlen turba geçirijisinden ilkinji gaz synag maksady bilen 2018-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda akdyrylmaga başlanypdy.

 

 

 



Degişli Habarlar