Tähran bilen Süleýmaniýe şäheriniň arasyndaky uçar saparlary 9 aý soň ýaňadandan başlady

Eýran bilen Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň Süleýmaniýe şäheriniň arasynda Yragyň merkezi hökümeti tarapyndan saklanan uçar saparlary 9 aý soň şu gün ýaňadandan başlady

Tähran bilen Süleýmaniýe şäheriniň  arasyndaky uçar saparlary 9 aý soň ýaňadandan başlady

Eýranyň paýtagty Tährandan uçan Eýranyň Mahan howa ýollaryna degişli ýolagçy uçary şu gün irden Süleýmaniýe şäheriniň Halkara howa menziline gondy.

Süleýmaniýe Halkara howa menziliniň müdüri Tahyr Abdullah Yragyň Kürt Awtanomiýasynda geçirlen bikanun referendumdan soň saklanan uçar saparlarynyň ýaňadandan başlamagy üçin Yragyň merkezi hökümeti bilen möhüm gepleşikler geçirendiklerini nygtady.

Abdullah “Geçirlen gepleşikleriň netijesinde şu gün Tähranyň Ymam Humeýni howa menzilinden uçan ýolagçy uçary Süleýmaniýe howa menziline gondy” diýdi.

 



Degişli Habarlar