ÝB Eýrandaky kärhanalaryny ABŞ-niň sanksiýalaryndan gorar

Ýewropa Bileleşigi komissiýasy mesele bilen bagly beýanat berdi

987664
ÝB Eýrandaky kärhanalaryny ABŞ-niň sanksiýalaryndan gorar

Ýewropa Bileleşigi komissiýasy ABŞ-niň Eýrana garşy girizmek isleýän sanksiýalaryndan Ýewropanyň kärhanalaryny goramak üçin Gadagan etmek kanunyny täzeden dikeltmek we Ýewropanyň Maýa goýum bankyna daşary ýurtlardaky maýa goýumlary maliýeleşdirip bilmek barada ygtyýar berdi.

ÝB Komissiýasy ABŞ-niň prezidenti Donald Trampyň Eýran bilen 2015-nji ýylda gazanylan ylalaşykdan çekilmeginden soň, Ýewropa özüne degişli kärhanalarynyň bähbitlerini goramak üçin dürli-dürli çäreleriň görülmegi bilen bagly resmi etabyň başladylandygyny habar berdi.

Beýanatda alynjak çäreleriň Eýranda maýa goýan Ýewropa degişli kärhanalaryň bähbitlerini goramaga kömek bermek we ÝB-niň Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyna wepalylygyny görkezmek maksat edinilýändigi bellendi.

Ýewropaly kärhanalaryň ABŞ-niň Eýrana garşy girizmek isleýän sanksiýalaryna boýun egmegi gadagan edýän we ABŞ-niň jezalaryny ýola goýýan islendik kazyýet kararyny kabul etmeýän Gadagan etmek kanunynyň  Eýrany hem öz içine aljak ýagdaýda täzeden dikeldilmegi barada karar kabul edilendigine ünsler çekilen beýanatda Eýrandaky maýa goýumlaryň maliýeleşdirilmegi üçin Ýewropanyň Maýa goýum bankynyň  ulanyp bilinmegi bagly kararlaryň hem üýtgedilendigi beýan edildi.



Degişli Habarlar