Işsiz adamlaryň sany fewral aýynda azaldy

Işsizlik derejesi şu ýylyň fewral aýynda geçen ýylyň fewral aýy bilen deňeşdirilende 0,2 göterim azalyp, 10,6 göterime barabar boldy

Işsiz adamlaryň sany fewral aýynda azaldy

Türkiýäniň Hasabat guramasy Işsiz adamlaryň fewral aýyndaky hasabatyny beýan etdi.

Şoňa laýyklykda Türkiýede 15 ýaş we ondan uly ýaşdaky işsiz adamlaryň sany fewral aýynda geçen ýylyň fewral aýyna garanyňda 546 müň adam azalyp, 3 million 354 müň adama çenli azaldy.

Şol döwürde işsizlik derejesi 0,2 göterim azalyp, 10,6 göterim boldy. Işsizlik fewral aýynda 2017-nji ýylyň fewral aýyna garanyňda 0,2 göterim azaldy.

Fewral aýynda oba-hojalykdan daşgary işsizlik derejesi 2,3 göterimlik peseliş bilen, 12,5 göterim hökmünde kesgitlendi.

Ady agzalan döwürde 15-24 ýaş toparyny öz içine alýan ýaş işsiz adamlaryň sany 4,3 göterim azalyş bilen 19 göterime çenli azaldy.

Işsizlik derejesi 15-64 ýaş toparynda bolsa 0,2 göterim azalyp, 10,9 göterim diýip kesgitlendi.



Degişli Habarlar