Nestle we Starbucks hyzmatdaşlyk eder

Şweýsariýanyň Nestle kärhanasy Amerikanyň Starbucks kärhanasynyň kofe we çaý ýaly önümlerini dünýäde satmak, paýlamak we marketing etmek hukugyny 7,15 milliard dollara satyn aldy

Nestle we Starbucks hyzmatdaşlyk eder

Berilen beýanatda Starbucks kärhanasynyň paketli önümleriniň geçen ýyl 2 milliard dollarlyk satuw ýerine ýetirendigi bellenip, ylalaşygyň çäginde Starbucks kärhanasynyň 500 işgäriniň hem Nestle kärhanasyna geçjekdigi mälim edildi.

Nestle kärhanasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Mark Şnaýder ylalaşygyň Nestleniň iň uly ösüş kategoriýasy bolan kofe üçin möhüm bir ädimdigini belledi.

Starbucks kärhanasynyň başlygy Kewin Jonson bolsa ylalaşyk bilen Starbucksyň önümleriniň bütin dünýäde millionlarça öýe ýetiriljekdigini nygtady.



Degişli Habarlar