Berat Albaýrak Hytaýda saparda bolýar

Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýrak Hytaýyň paýtagty Pekinde enrgetika pudagynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi

963795
Berat Albaýrak Hytaýda saparda bolýar
berat albayrak cin1.jpg

Berat Albaýrak Pekin saparynyň ilkinji duralgasynda Hytaýyň Milli Energetika edarasynyň müdüri Nur Bekri bilen duşuşyk geçirdi.

Ministr Albýragyň Nur Bekri bilen geçiren duşuşygynda iki ýurdyň arasyndaky energetika ugrunda edilýän hyzmatdaşlygyň has hem özgerdilmegi babatynda ylalaşyk gazanyldy.

Albaýrak China Chemical Engineering kärhanasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Gen Daýhy, ondan soň bolsa Goldwing kärhanasynyň Ýerine ýetirijiler geňeşiniň başlygy Pan Ýentieni kabul etdi.

Kabul edilşikden soň Hytaýyň Elektrik maýa goýum kärhanasyna (SPIC) baryp gören Berat Albaýrak kärhananyň başlygy Myng Jyngping we Hytaýyň Ýadro tehnika kärhanasynyň (SNPTC)  başlygy Wang Fyngşüe bilen duşuşyk geçirdi.

Berat Albaýrak SPIC we SNPTC kärhanalarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygynda Türkiýede gurulmagy göz öňünde tutulýan 3-nji atom bekedini ara alyp maslahatlaşdy.

Ondan soň Hytaýyň Atom enrgetika edarasynyň (CAEA) başlygy Wang Ýiren bilen duşuşyk geçiren Berat Albaýrak ylmy-derňew işleri, adam resurslary we bilim ugrunda hyzmatdaşlyk etmek babatynda ylalaşyk gazandy.

Albaýrak ol ýerde geçiren duşuşygyndan soň dünýäniň iň uly elektrik paýlaýan guramasy bolan Hytaýyň State Grid kärhanasyna baryp, kärhananyň ýolbaşçysy Şu Jinbao bilen duşuşdy.



Degişli Habarlar