Türkiýe 3 aýda 70 ýurda 233 million dollarlyk balyk satdy

Türkiýe ady agzalýan döwürde 70 ýurda suw önümlerini eksport etdi

Türkiýe 3 aýda 70 ýurda 233 million dollarlyk balyk satdy

Türkiýäniň suw önümleri eksporty üstümizdäki ýylyň 3 aýlyk döwründe geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 18 göterim artyp 233 million dollara barabar boldy.

Egeý eksportçylar birleşmesiniň görkezijilerine görä, Türkiýäniň suw önümleriniň eksporty 2017-ni ýylyň ilkinji 3 aýlyk döwründe 197 million dollara barabar bolupdy.

Şol san 2018-nji ýylyň ilkinji 3 aýlyk döwründe bolsa 233 million dollara çenli baryp ýetdi.

Türkiýe ady agzalýan döwürde 70 ýurda suw önümlerini eksport etdi.


Etiketkalar: eksport , Türkiýe

Degişli Habarlar