IBATECH Stambul sergisi açyldy

Sergä 120 tapawutly ýurtdan 80 müňden gowrak adamyň gelmegine garaşylýar

IBATECH Stambul sergisi açyldy

Öz ugrunda dünýäniň iň uly 2-nji, Ýewraziýanyň iň uly sergisi adyna eýe bolan Halkara çörek, tort enjamlary, doňdurma we şokolad tehnologiýalary IBATECH Stambul sergisi öz işine başlady.  

Şu ýyl 12-nji gezek geçirilýän we CNR Expo binasynda guralýan sergide pudakdaky soňky tehnologiýalara eýe bolan peçler sergilenýär. 

Ýerli we daşary ýurtly 400-den gowrak firmanyň gatnaşmagynda geçirilýän sergi täze we döwrebap tehnologiýalary görmek isleýän adamlar üçin bir pursat. 

Sergä 120 tapawutly ýurtdan 80 müňden gowrak adamyň gelmegine garaşylýar. 

Dünýäde 20 aýry dilde tanyşdyrylan IBATECH Stambul sergisi 4 gün dowam eder. 

 


Etiketkalar: Stambul , sergi

Degişli Habarlar