Eýran Amerikan dollarynyň kursuny üýtgewsizleşdirdi

Eýran riýalyň Amerikan dollaryna görä hümmetini ýitirmeginiň öňüni alyp bilmändigi sebäpli dollaryň kursuny 42 müň riýal hökmünde kesgitledi

Eýran Amerikan dollarynyň kursuny üýtgewsizleşdirdi

Eýranyň döwlet teleýaýlymynyň habar bermegine görä walýuta bazarynda durnuksyzlyk sebäpli Prezident Hasan Ruhaniniň ýolbaşçylyk etmeginde maslahat geçirildi.

Maslahatdan soň metbugata beýannama beren Prezidentiň birinji orunbasary İshak Jihangiri kabul edilen karara laýyklykda Amerikan dollarynyň kursunyň şu günden başlap 42 müň riýal boljakdygyny aýtdy.

Ýurtda walýuta ýetmezçiligi sebäpli aladalanmaga hajatyň ýokdugyny aýdan Jihangiri, kesgitlenen kursdan ýokarda walýuta satylan halatynda onuň “walýuta gaçgakçylygy” boljakdygyny nygtady.


Etiketkalar: Amerikan dollary , Eýran

Degişli Habarlar